milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.03.2019 562 Habarlar

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, käbir döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly senelere taýýarlyk çäreleri dürli maksatly binalaryň gurluşyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.