milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.04.2019 447 Habarlar

22-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz geljekki güýzlük bugdaýyň hasylyny ösdürip ýetişdirmek, gowaça ekişini geçirýän hojalyklary ähli zerur zatlar bilen üpjün etmek, şeýle hem ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna we meýdandan alynýan hasylyň artdyrylmagyna, bu ulgamda iň gowy tejribäniň ýaýradylmagyna gönükdirilen ylmy tehnologiýalary hem-de täzeçil usullary ornaşdyrmak babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragy möwsümine öňünden maddy-enjamlaýyn taýdan taýýarlanmagyň möhümdigini aýdyp, oba zähmetkeşleri üçin iň amatly şertleri döretmek boýunça ýerlerde talabalaýyk işleri guramagy tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatlarda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şanyna köpçülikleýin dabaralary guramak boýunça görkezmeleri berdi, bu dabaralar köp öwüşginli we şol bir wagtda halkymyzyň ruhy we watançylyk duýgularyny doly beýan etmelidigini tabşyrdy.