milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26.12.2023 267 Habarlar

Düýn – 25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça geçirilýän işleriň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi Şeýle-de döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli azyk harytlary bilen bolelin üpjün edilmegi babatda welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň futbol toparynyň Türkmenistanyň Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň çempiony, final oýnunda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolandygyny belledi we «Arkadag» futbol toparyna mundan beýläk-de ýeňişli ýollary arzuw etdi hem-de topar üçin ýörite niýetlenen topda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.