milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28.11.2023 272 Habarlar

Düýn – 27-nji noýabrda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy  durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli Aşgabatda guraljak dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralaryň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we Aşgabat şäheriniň baýramçylyk äheňinde bezelmegini, talabalaýyk abadanlaşdyrylmagyny, medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy we birnäçe görkezmeleri berdi.