milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
21.02.2023 237 Habarlar

20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlarda gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işleri, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, olary doly taýýar edip goýmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişine girişilip, bu işleri bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.