milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
16.01.2024 521 Habarlar

Düýn – 15-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Ýazky ekişde ulanyljak tehnikalary hem-de gurallary möwsüme taýýarlamak bilen bir hatarda, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin kabul edilip alnan tohumlyk pagtany pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýetip gelýän ekiş möwsümine ykjam taýýarlyk görmegiň bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly hem-de bökdençsiz geçirmegiň esasy şertleriniň biridigini belledi we gowaça ekiljek meýdanlaryň, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň, her sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň möwsüme doly taýýar edilmegi babatda olara tabşyryklar berdi.