milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.11.2023 512 Habarlar

           Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýerlerde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine ykjam taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.