milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
21.11.2023 408 Habarlar

Düýn – 20-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Maslahatyň barşynda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, şu günler meýdanlarda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri dowam edýär, ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär, tabşyrylan hasyl üçin pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Welaýatlarda ýetişdirilen şaly hem-de gant şugundyrynyň hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de Watan harmanyna tabşyrmak, ýygnalan hasyly kabul ediş nokatlarynda gündelik bökdençsiz kabul etmek we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň wajyp ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.