milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
19.12.2023 672 Habarlar

Düýn – 18-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi we bu ugurda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli azyk harytlary bilen bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmegi, aýlyk zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenilmegi babatda welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklary berdi.