milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
31.01.2023 354 Habarlar

30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylýar. Şeýle hem şu ýyl gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak, hususan-da, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, olary doly taýýar edip goýmak, şu ýyl welaýatlarda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine hem-de welaýatlaryň häkimlerine häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmegini guramak babatda anyk tabşyryklary berdi.