milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
16.10.2023 657 Habarlar

Şu gün – 16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak, ýygnalan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şaly ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnamak işi guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi geçirilýär, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyklykda we bellenen möhletlerde ýerine ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly görkezmeleri berdi.