milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
14.02.2023 298 Habarlar

13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda gowaçanyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, welaýatlarda gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işleri, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Şeýle-de pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda degişli işler alnyp barylýar.

Öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, olary doly taýýar edip goýmak, şu ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirilýär, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini talabalaýyk guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatly ýerleriň elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.