milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.04.2023 146 Habarlar

11-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Bu işler bilen bir hatarda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan, bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, şeýle hem haşal otlaryň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi, bugdaýa edilýän ideg işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagy, hususan-da, ösüş suwlaryny tutmak işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.