milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.01.2024 522 Habarlar

Düýn – 22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlar ekişe taýýarlanylýar, hususan-da, sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Öňümizdäki ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary hem-de gurallary taýýarlamak bilen bir hatarda, pagtaçy kärendeçileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin tohumlyk çig maly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerlerini ekişe taýýarlamak boýunça, şeýle-de ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda degişli işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.