milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
07.03.2023 392 Habarlar

6-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsüminde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaý meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerini, ýazlyk ekinleriň ekişini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny dowam edip, welaýatlaryň häkimleriniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda gurulmagy göz öňünde tutulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim edaralarynyň, medeniýet öýleriniň, suw geçirijileriň, suw arassalaýjy desgalaryň, dik guýularyň, lagym geçirijileriň, lagym arassalaýjy desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, gaz geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamynyň, elektrik geçirijileriň gurluşyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňledi.