milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.10.2023 445 Habarlar

Şu gün – 23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmagy öz wagtynda tamamlamak, kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler geçirilýär.

Welaýatlaryň bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine doly taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, Türkmen alabaýynyň baýramyna taýýarlyk görülýär hem-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleri ýerine ýetirilýär.

Şular bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga beriljek dürli maksatly desgalarda gurluşyk işlerini talabalaýyk alyp barmak babatda anyk görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ilatymyzyň ýylylyk, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilişini, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň we binalaryň açylyş dabaralarynyň, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.