milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.02.2023 200 Habarlar

27-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýurdumyzda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, şu günler welaýatlarda gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralmanyň hem-de soganyň ekişi dowam edýär, ekilmegi meýilleşdirilýän beýleki gök-bakja, oba hojalyk ekinleriň ekiljek ýerlerini, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzümiň nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaý meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerini, welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işleri gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.