milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
31.10.2023 496 Habarlar

Düýn 30-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Ilki bilen, welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Häzirki wagtda pagta hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň ekin meýdanlarynda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

 Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanmagyny, ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş almak üçin zerur işleriň ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.