milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.01.2024 526 Habarlar

Düýn – 8-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Mejlisiň dowamynda, welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek işleri geçirilýär. Şeýle hem häkimler welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, şeýle hem ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, öňümizdäki ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň möwsüme doly taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklar berildi.