milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
06.05.2019 423 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Moskwa şäheriniň Şeremetýewo howa menzilinde «Aeroflot» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilikli ýagdaýda gonmagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini aýdyp, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.