milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
08.05.2019 506 Habarlar

7-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary — stats-sekretary Grigoriý Karasini kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-iň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamyny, şeýle hem ýetip gelýän baýramçylyk — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli gutlaglaryny ýetirdiler. Olar ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Türkmen-rus gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ulgam möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, biz geljekde hem bu gatnaşyklary goldamagy we ösdürmegi, şeýle hem medeniýet günlerini, maslahatlary, sungat festiwallaryny geçirmek arkaly döredijilik işgärleriniň gatnaşyklaryny höweslendirmegi maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhmanlar türkmen-rus gatnaşyklarynyň öňden gelýän dostlugyň we hyzmatdaşlygyň baý tejribesine daýanmak arkaly geljekde-de täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna hem-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin hem gatnaşdy.