milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
07.02.2019 745 Habarlar

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany rus tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, Russiýa Federasiýasy bilen köptaraply gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. Türkmen-rus gatnaşyklarynda gaz meselesine täze, geljege gönükdirilen iri möçberli ylalaşyklaryň nazara alnyp garalýandygyna kanagatlanma bildirdi. Bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyna iki döwletiň köptaraply mümkinçiligini amala aşyrmakda ähmiýetli orun berilýär. Bu toparyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň birinji çärýeginde geçirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, nebitgaz toplumynda mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň meselelerini hem duşuşygyň gün tertibine girizmek meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklaryna daýanmak bilen, täze anyk many-mazmuna eýe bolup, mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.