9-nji aprelda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri
gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň täze dolandyryş-işewür
merkeziniň kemala gelýän günorta künjeginde bina edilýän täze gurluşyklary
synlady. Olaryň hatarynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy we
Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, kaşaň myhmanhana, Hökümet münberiniň binasy
bar.
Häzirki wagtda
desgalaryň gurluşygy bu ulgamda iň täze gazanylanlaryň esasynda döwrebap
gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly ýokary depginler bilen amala aşyrylýar.
Maslahatlar
merkeziniň iri göwrümli binasy 47 müň 464 inedördül metr meýdany tutýar. Onuň
beýikligi 38,65 metre, ini 190 metre deňdir. Bina 93,7 müň inedördül metr
meýdanda ýerleşýär. Toplumyň düzümine girýän üç desganyň ählisi umumy binagärlik
çözgüdine eýe bolup, ýeke-täk toplumy kemala getirýär.
Hormatly Prezidentimiz gurulýan desgalaryň Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmäge gönükdirilendigini nygtady. Milli Liderimiz şäheri abadanlaşdyrmaga we onuň
arassalygyny saklamaga degişli anyk tabşyryklary berdi.