milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylaryň zähmet ýeňşi hakyndaky hasabatlary kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylaryň zähmet ýeňşi hakyndaky hasabatlary kabul etdi
09.11.2019 645 Habarlar

8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň pagtaçylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.

Sebitleriň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy türkmen daýhanlarynyň gazanan täze ýeňşi bilen ähli oba hojalyk işgärleriniň adyndan gutladylar.

Şu ýyl gowaça ösdürip ýetişdirmäge ilkinji gezek hususy önüm öndürijiler hem girişdiler. Olara milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlarda oba hojalyk ähmiýetli döredilen ýörite ýer gaznasyndan ýer bölekleri bölünip berildi.

Welaýatlardan gelen, elleri ak gar ýaly pagtaly horjunly körpe nesiller milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy «ak altyn» ussatlarynyň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gutladylar. Olar bu waka bagyşlanan we belent ruha beslenen goşgy setirlerini okadylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, edermen daýhanlaryň Hasyl toýuny uly zähmet sowgatlary bilen garşylaýandyklaryny belledi. Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pagta tabşyryp, olar şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň pagtaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine öndürijilikli zähmeti we ýeten derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi.