milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
09.11.2023 581 Habarlar

Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde saparda bolýar.         

Şu gün saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy boldy. Ikitaraplaýyn görnüşde geçen duşuşygyň barşynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda bilelikdäki hökümetara toparyň işi, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli esasda geçirilýän geňeşmeler, işewürlik duşuşyklary we dürli forumlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanlary söhbetdeşlikde taraplaryň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyny, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini maksat edinýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan hem-de Özbegistan ikitaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklaryny işjeň ösdürýärler, iri halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.