milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
13.12.2022 344 Habarlar

12-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Munuň özi özara düşünişmek we açyklyk esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklara mahsus ýörelgedir. Bu bolsa dostlukly hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň sebitleýin, şeýle-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlar boýunça garaýyşlarynyň umumydygy hem ýakyndygy aýdyldy. Bu bolsa netijeli gatnaşyklaryň we halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Şol bir wagtyň özünde soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Bu bolsa döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşmagyny şertlendirýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň berkidilmegine ýardam berýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakow dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda berkidilen döwletara hyzmatdaşlygyň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.