milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
12.04.2023 184 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

«Älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek häzirki zaman ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, bütin adamzadyň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Köpýyllyk zähmetiňiz bilen Siz bu asylly işe mynasyp goşant goşýarsyňyz» diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Oleg Kononenko berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli işinde täze sepgitleri arzuw etdi.