milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz ulgamyny ösdürmek meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz ulgamyny ösdürmek meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi
30.08.2019 351 Habarlar

29-njy awgustda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi kabul etdi. Bu kompaniýalar toparynyň baş edara binasy Ženewada (Şweýsariýa) ýerleşýär.

Duşuşygyň dowamynda işewür döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda holding tarapyndan amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, nebitgaz ulgamynda we beýleki ugurlarda täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda geçirilýän işler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.