milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
20.11.2019 673 Habarlar

19-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz senagatynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji noýabrda geçiren mejlisinde kesgitlän wezipeleri babatda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça ýakyn geljek üçin kesgitlenen meýilnamalar barada hasabat berdi.

Wise-premýer içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen durnukly üpjün etmek üçin görülýän çäreler hem-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, «mawy ýangyjyň» daşary bazarlara iberilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän senagaty has-da ösdürmek, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, nebit önümleriniň daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan görnüşlerini öndürmek, içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.