milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
06.12.2019 986 Habarlar

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny, aýratyn hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe düzümleriniň işine geçirilen seljermeler barada hasabat berdi.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň uzak möhletli durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, sanly ykdysadyýete geçmek işini işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda, halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak baradaky täze maksatnamalary işläp taýýarlamagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitledi.