3-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde iri halkara ýaryşlaryna
taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Bahar paslynyň ilkinji dynç gününde ir bilen
döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjigine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyza 2020-nji ýylda
Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk
görlüşi, ýurdumyza wekilçilik edip, ýaryşlara gatnaşjak türgenleriň seçilip
alnyşy hem-de olaryň sanawy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Olimpiýa
oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň hatarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň
gullukçylary hem bar. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
ýolbaşçylary düzümlerinde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň taýýarlyk
işleri bilen hasabatlary berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, Tokioda
geçiriljek iri sport ýaryşlaryna türgenlerimiziň örän işjeň gatnaşyp, baýrakly
orunlara eýe bolmaklaryny gazanmak ugrunda ähli tagallalary gaýgyrmaly
däldigini nygtady.
Şeýle hem dynç güni milli Liderimiz adaty endigine
eýerip, Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy. Döwlet
Baştutanymyz bu ýerde şu ýylyň başynda doglan Rowaç atly taý bilen didarlaşdy.
Milli Liderimiz ilki bilen asylly ýörelgä eýerip, Rowajyň boýnuna käbesi
Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy. Munuň özi ýagşy dessurlary ýaran edinen
halkymyzyň haýyrly işe ak ýol arzuw edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Rowaç atly taý bilen birsellem gezim etdi. Taýçanak özüne bildirilýän üns-alada hoşallygyň nyşany hökmünde kişňedi. Munuň özi ynsan bilen behişdi bedewiň özboluşly arabaglanyşygyny alamatlandyrdy.
Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, onuň gadymdan gözbaş alýan, seýisçilik sungaty bilen bagly däp-dessurlaryny aýawly saklamak, olary dünýä ýaýmak meseleleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan işler milli Liderimiziň ahalteke bedewlerine bagyşlap ýazan ajaýyp kitaplarynda öz beýanyny tapdy. Olar dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, halkara derejesindäki gymmatly gollanmalara öwrüldiler. «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitabynda milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň gazanan şan-şöhratyna we häzirki döwürde ýeten derejesine bagyşlanan maglumatlary beýan etdi. Olaryň şan-şöhraty asyrlar aşyp, iň gowy däplerini dowam edýän seýisçilik ýörelgeleri, onuň at seýislemekdäki usullary dogrusynda kitapda gürrüň berilýär.