milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.07.2019 479 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Egil Lewitsi Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Latwiýa Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Latwiýanyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.