milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi
05.12.2019 590 Habarlar

4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Halk Maslahatynda degişli çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, şu günki çäräniň esasy maksadynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň ýagdaýyna we onuň mümkinçiliklerine baha bermekden, ýerlerden Topara gelip gowuşýan maglumatlary deslapdan umumylaşdyrmakdan, onuň geçen döwürde ýerine ýetiren işlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz iki palataly parlamentiň maksatlaryny, wezipelerini we onuň öňünde durýan işleri kesgitlemek bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň has netijeli çözgüdini taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet häkimiýet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen sazlaşykly işlemek ýurdumyzyň Baş Kanunyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň netijeli işlemeginiň möhüm şertidir diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şu wezipelerden ugur alnyp, Mejlise Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda degişli Iş toparyny döretmek tabşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek, Baş Kanunymyzy jemgyýetimiziň ösüşiniň täze ýagdaýlaryna we mümkinçiliklerine laýyk getirmek boýunça geçirilen işleri seljermek barada Konstitusion toparyň agzalarynyň çykyşlarynyň diňlenildi.

Şeýle hem raýatlardan, döwlet we jemgyýetçilik edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň hasabynyň ýöredilişine baha berildi.