milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynda resmi saparda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynda resmi saparda bolar
27.10.2019 489 Habarlar

26-njy oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow noýabr aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Buýrugyň taslamasyny hödürledi.

Resmi saparynyň çäklerinde Milan şäherinde 6-njy noýabrda işewürler maslahaty geçiriler. Işewür duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sergisini guramak göz öňünde tutulýar.

Forumyň işine Italiýanyň Täjirçilik ministrliginiň Söwda boýunça agentliginiň ýolbaşçysynyň, Lombardiýa welaýatynyň prezidentiniň orunbasarynyň hem-de energetika, nebitgaz, himiýa, azyk hem-de dokma senagaty, gurluşyk we gurluşyk materiallary, oba hojalyk, maşyngurluşyk, ulag we logistika ulgamlarynda iş alyp barýan, önümçilik pudaklary üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary hem-de oba hojalyk tehnikasyny öndürýän kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.