milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady
19.05.2023 890 Habarlar

18-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan gürrüňdeşliginde ugurlaryň giň gerimini, şol sanda söwda-ykdysady, nebitgaz, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan döwletara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigi nygtaldy. Ýurdumyzda şu gezekki sapara türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýolundaky möhüm ädim hökmünde garalýandygy bellenildi. Bu saparyň dowamynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Bu gezekki iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy meýilleşdirildi. Nobatdaky ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.