milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.09.2019 465 Habarlar

24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ministri M.Artykowyň hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysy B.Öwezowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda ilki bilen energetika ministri M.Artykow häzirki döwürde ýurdumyzyň energetikasynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysy B.Öwezow garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmek, oňa iň häzirki zaman tejribelerini we kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.