milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
16.02.2023 255 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýne we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.