milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.01.2023 339 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşuwa hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Täze ýyly — Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Ýakynda Siziň beýik ýurduňyza amala aşyran ilkinji döwlet saparymy aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda biz açyk we ynanyşykly gepleşikleri geçirdik, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdyk, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin anyk maksatlary kesgitledik. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan güni — 6-njy ýanwarda geçirilen ýokary derejedäki duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen täze döwletara ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi. Munuň özi däp bolan dostlukly gatnaşyklary we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak ugrunda ýene-de bir möhüm ädim boldy» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady we umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga Türkmenistanyň berk ygrarlydygyny aýratyn belledi.