milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri bilen duşuşdy
07.01.2023 324 Habarlar

6-njy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwaty bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy. Ýokary derejede gazanylan ähli ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berýär. Türkmenistan hem-de Hytaý Halk Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürip, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýalar we beýleki birnäçe ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň işine aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny nazara almak bilen, komitetiň nobatdaky mejlisini taýýarlamak we geçirmek teklip edildi.