milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
26.01.2023 214 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministr Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyzyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halkymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.