milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
17.11.2023 358 Habarlar

Düýn — 16-ny noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi.

Häzirki wagtda ýurtlarymyz sebitleýin derejede, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde beýan eden başlangyjyna laýyklykda, şu günler Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini öwrenýän ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy, ýurdumyzyň talyplarynyň köpüsiniň bolsa Hytaýda okaýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler, Türkmenistanyň we Hytaýyň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň arasynda ynanyşmaga, deňhukuklylyga esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.