milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
30.11.2023 462 Habarlar

Düýn – 29-nji noýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda komitetiň altynjy mejlisiniň gün tertibi boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, mejlise taýýarlygyň çäklerinde söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, ynsanperwer we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda kiçi komitetleriň mejlisleri hem-de beýleki duşuşyklar geçirildi. Aşgabatda boljak gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.