milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşdy
27.04.2019 717 Habarlar

26-njy aprelda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi geçirildi.

Her ýylda geçirilýän bu çäre ähmiýetli waka bolmak bilen, ol ady rowaýata öwrülen we türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlygyna goşan ägirt uly goşandyny alamatlandyrýan milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir. Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýyny belende galdyrmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň esasy ugry bolup durýar.

2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär we ol arassa ganly ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek, atçylyk sporty üçin ýokary derejeli çapyksuwarlary taýýarlamak, şeýle hem alym-ippologlaryň we beýleki behişdi bedewlere gadyr goýýan hünärmenleriň sanyny artdyrmak boýunça iş alyp barýan birnäçe atçylyk kärhanalaryny özünde jemleýän abraýly gurama bolup durýar.