milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr
15.02.2019 1208 Habarlar

14-nji fewralda paýtagtymyzda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga gatnaşmak üçin Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýokarda agzalan guramalaryň we degişli düzümleriň ýolbaşçylary çagyryldy.

Duşuşyk ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary, şeýle hem halkara derejede öňe sürlen başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmegiň täze ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni bagly wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.