milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: asylly işler tutuş il bolup amala aşyrylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: asylly işler tutuş il bolup amala aşyrylýar
22.03.2019 656 Habarlar

21-nji martda Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy. Ýaýlada, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.

Tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk ýowarynyň barşynda agaç nahallarynyň 460 müňden gowragy oturdyldy.

Agaç nahallaryny oturtmak çäresinden başga-da, öňden bar bolan agaçlara ideg etmek işleri ýerine ýetirildi. Häzirki döwürde Türkmenistanda bu köpýyllyk işiň netijeleri aýdyň görünýär —ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki giň meýdanlarda elde döredilen tokaýlar ýaýylyp ýatyr. Ekilen agaçlaryň sany bolsa onlarça milliona barabardyr.