milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça tabşyryklar berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça tabşyryklar berdi
02.10.2019 1208 Habarlar

1-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde Aşgabadyň merkezi boýunça pyýada gezelenç edip, onuň abadançylygyna hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi. Paýtagtymyzyň daşky keşbi onuň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyň, halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmündäki derejesini şöhlelendirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we hökümet agzalaryna degişli görkezmeleri berdi.