5-nji martda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze
bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mamuka Murjiknelini kabul
etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň ýokary derejeli
ýolbaşçylaryna salamyny beýan edip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi
bilen gutlady hem-de däp bolan döwletara gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky işinde
üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň gyzyklanma
bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda Gruziýa bilen netijeli
gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny belledi. Ýurdumyzy Gruziýa bilen öňden
gelýän dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we ilçi köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly esasy döredendigi bellenildi. Ulag ulgamy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.