milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
18.09.2019 333 Habarlar

17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Naýthart Hýofer-Wissingi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal kansleri Angela Merkeliň mähirli salamyny ýetirdi.

Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we GFR-iň doly ygtyýarly wekili soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň iki ýurdy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge çalyşýandyklary nygtaldy.