milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi
11.10.2019 335 Habarlar

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Myhman milli Liderimize GDA-nyň giňişliginde umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda häzirki ýagdaýlary hem-de mümkinçilikleri nazara almak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga Türkmenistanyň işjeň çemeleşýändigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman Arkalaşygyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, şol sanda söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk, energetika, döwrebap tehnologiýalar ýaly möhüm ugurlarda, işewür düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilmegi bellenilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň taslamasyna serediler. Bu resminamanyň kabul edilmegi däbe öwrülen döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam eder.

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegine ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ähli geçirilýän çäreleriň ajaýyp guralýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.