milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi
13.09.2019 389 Habarlar

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Duşuşykda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, şol sanda söwda-ykdysady, ulag we kommunikasiýalar, energetika, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly möhüm ulgamlarda hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň we giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 13-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek mejlisiniň gün tertibi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde Arkalaşyga agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylar. Şol Jarnamany kabul etmek baradaky başlangyç hormatly Prezidentimize degişlidir. Myhman şu ýylyň oktýabr aýynda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde bu resminamanyň kabul edilmeginiň däp bolan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etjekdigini nygtady.